“KITAP HAZYNANYŇ DÜRLER DÄNESI, MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGYR UMMANY” ATLY SÖHBETDEŞLIK

  • “Kitap hazynanyň dürler dänesi, Magtymguly Pyragynyň şygyr ummany” atly söhbetdeşlik

    “Kitap hazynanyň dürler dänesi, Magtymguly Pyragynyň şygyr ummany” atly söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylmy-habar beriş we sowal-jogap hem-de Patent-tehniki edebiýatlar bölümleriniň gurnamagynda “Kitap hazynanyň dürler dänesi, Magtymguly Pyragynyň şygyr ummany” atly söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyryň belent sarpaly ady bilen “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gündogaryň danasy, söz sungatynyň zergäri, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejesinde bellenilýändigini, bu günki günde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhda yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň döredijiligini öwrenmäge, edebi mirasymyzy wagyz etmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigi hakynda söhbet etdiler.

    Akyldar şahyrymyzyň ynsanperwerlige, watansöýüjilige, mertlige, päk ahlaklylyga, bagtyýar ýaşaýşa, gözellige, agzybirlige çagyrýan her bir setiri pähim-paýhasa ýugrulmak bilen ynsanyň kalbyny heýjana salýar.

    Magtymguly Pyragynyň şygryýeti geçmişiň ýaňy, geljegiň nury, halkyň dili, agzybirlik senasy bolup ýaňlanýar. Magtymguly atamyzyň bize galdyran döredijilik mirasy bütindünýä jemgyýetçiliginiň, ähli adamzadyň ünsüni özüne çekýär. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna bagyş edilip neşir edilen “Magtymguly” atly täze eser ähli okyjylaryň söýgüsini gazandy. Bu kitabyň 3 dilde neşir edilmegi munuň özi beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini alamatlandyrýar.

    Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.