«KITAP OKAMAK — DÜNÝÄ DÜŞÜNMEK» ADY BILEN MASLAHAT GEÇIRILDI

  • «Kitap okamak — dünýä düşünmek» ady bilen maslahat geçirildi

    «Kitap okamak — dünýä düşünmek» ady bilen maslahat geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda «Kitap okamak — dünýä düşünmek» ady bilen maslahat geçirildi.

    Bu maslahat kitap we kitaphanalar barada bolup, onuň dowamynda ýaş nesillere kitap okamaklygy ündew etmeklik barada täsirli gürrüňler aýdyldy. Indiki ýyl Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň uly dabara edip belleniljekdigi hem nygtalyp geçildi. Munuň özi hem halkymyzyň kitaba uly hormat goýýanlygyny aňladýar.

    Maslahatyň ahyrynda şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlar aýdyldy. Olaryň ömürleriniň uzak, il-bähbitli, ýurt ähmiýetli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagy dileg edildi.