“KITAP WE KITAPHANA IŞI HAKYNDA” SÖHBETDEŞLIK

  • “Kitap we kitaphana işi hakynda” söhbetdeşlik

    “Kitap we kitaphana işi hakynda” söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat”
    teleýaýlymy tarapyndan “Kitap we kitaphana işi hakynda” söhbetdeşlik geçirildi. Häzirki
    döwürde Türkmenistanda kitaba bolan özboluşly garaýyş has-da aýdyň ýüze çykýar.
    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary
    netijesinde, ýurdumyzyň kitaphanalar ulgamynda alnyp barylýan işler döwrebap guralyp, bu
    işde dünýä tejribesinden giňden peýdalanylýar. Munuň özi kitaba uly sarpa goýýan
    halkymyzyň ruhy hazyna deňeýän kitaba bolan gyzyklanmasynyň has-da artmagyna täsir
    edýär. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphananyň taryhy, geçmişi hem-de şu güni hakynda
    giňişleýin söhbet etmek bilen gyzykly gürrüňleri berdiler.
    Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny bagtyýar durmuşda
    ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
    Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.