«KITAP — YNSAN KALBYNYŇ ŞAMÇYRAGY» ADY BILEN SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

  • «Kitap — ynsan kalbynyň şamçyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    «Kitap — ynsan kalbynyň şamçyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitap — ynsan kalbynyň şamçyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler kitabyň ynsan üçin çörek ýaly mukaddesligi, onuň terbiýe mekdebiligi hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Bilşimiz ýaly, köp kitap okan adamyň dünýägaraýşy giň bolýar, ol durmuşda öz öňde goýan maksadyna ýetýär we hiç haçan ejizlemeýär. Bir söz bilen aýdylanda, kitap iň ajaýyp durmuş mekdebidir. Çykyş edenler bular barada nygtamak bilen, bizi bagtyýar döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Milli Liderimiziň şeýle hem Arkadagly Serdarymyz — hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.