-
05
Ýanwar
Kitaphana işgärleriniň arasynda «Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan» ady bilen dabara geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň täze 2022-nji ýylymyzda ýagny,” Halkyň Arkadagly zamanasy” diýlip atlandyrylan ýylymyzda türkmen halkyna ýazyp sowgat eden ” Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusyndan kitaphana işgärleriniň arasynda «Edermendir ogul-gyzyň, jan Watanym Türkmenistan» ady bilen dabara geçirildi. Dabara gatnaşan halypa kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň” Jan Watanym Türkmenistan” atly goşgusynyň çeperçiligi, eziz watanymyzyň ajaýyplygyny şeýle ynsanperwer, keremli sözler bilen suratlandyrýandygyny öz çykyşlarynda nygtadylar hem-de bu ajaýyp goşgyny labyzly okap berdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, ajaýyp goşgularynyň, gymmatly eserleriniň köp bolmagyny arzuw etdiler.