-
22
Oktýabr
Kitaphana syny
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümi tarapyndan Türki medeniýetiniň halkara gurmasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde türki döwletleriň ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynda” atly maslahaty hem-de kitap-neşir önümleriniň tanyşdyrylyş dabarasynda Döwlet kitaphanasyna sowgat berilen kitap neşirlerine kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Türksoý türki halklaryň medeniýetini, dilini, taryhyny, sungatyny, däplerini we dessurlaryny öwrenmek, ösdürmek we geljekki nesiller üçin gorap saklamak ugrunda hereket edýän abraýly gurama bolup durýandygy hakynda durup geçdiler.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar ýurduň, halkyň abraý-mertebesini barha beýgeldýän, il-gününe eşretli durmuşy bagyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.