-
15
Mart
«Kitaphanalarda sanly ulgam» ady bilen usuly maslahat geçirildi
Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň işini kämmileşdirmek we internet tory arkaly kitaphanalaryň maglumat binýadyny baýlaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphanalarda sanly ulgam” ady bilen usuly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň kitaphanalarynyň iş tejribelerini baýlaşdyrmak, okyjylary kitaphana çekmegiň döwrebap usullaryny durmuşa ornaşdyrmak, kitaphanalary elektronlaşdyrmagyň kämilleşdirişiniň ýollaryny öwrenmek, kiitaphananyň habar beriş çeşmeleriniň peýdalanyşyny ýokarlandyrmak hem-de kitaphana hünärmenleriniň ukyplaryny, başarnyklaryny seljermek barada gürrüň edildi. Medeniýet ulgamynda saýtlary döretmek we mahabatlandyrmak işlerini amala aşyrmak, şeýle-de internetde elektron kitaphana ulgamynyň işlerini kämilleşdirmegiň inçe tilsimleri barada, internet torunyň bökdençsiz işlemegi üçin bir näçe maslahatlar we düşündirişler berildi. Gatnaşan myhmanlar: Babaýew Maksat - Türkmenistanyň Şekilendiriş sungaty muzeýiniň mahabatlandyryş-neşir edijilik bölüminiň müdiri; Allaberenow Öwlýaguly “Nokat kompýuter” hojalyk jemgyýetiniň wekili; Aşgabat şäheriniň, welaýat kitaphanalarynyň müdirleri we hünärmenleri gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar bilen döwletli maslahatyň dowamy“tegelek stoluň” başynda işjeň dowam edip. kitaphana ulgamynyň kämilleşmegine aýratyn üns berýän medeniýetiň hak howandary Mähriban Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.