«KITAPHANALARYŇ ARKALAŞYGY: ÜSTÜNLIKLER WE UZAK MÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEGI» ADY BILEN GEÇIRILÝÄN HALKARA FORUM ÖZ IŞINI DOWAM ETDI

  • «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» ady bilen geçirilýän halkara forum öz işini dowam etdi

    «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» ady bilen geçirilýän halkara forum öz işini dowam etdi

    2021-nji 12-nji martda, forumyň ikinji gününde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet ktaphanasynyň hem-de ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Rossiýa, Belarus , Özbegistan, Ukraina, Gazagystan, Moldowa, Gyrgyzystan, Ermenistan, Täjigistan döwletleriniň kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda,Russiýa Federasiýasynyň Döwlet kitaphanasy tarapyndan “Kitaphanalaryň arkalaşygy:üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi” atly halkara forumy öz işini dowam etdi. Onlaýn maslahatyň ikinji güni “2020-nji ýylyň çagyryşlary: Arkalaşygyň kitaphana bileleşigine soraglar” atly açyk çekişme geçirildi. Onuň gatnaşyjylary GDA ýurtlarynyň sebitleýin kitaphanalarynyň işinde ýüze çykan meseleler we ýetilen üstünlikler bilen paýlaşdylar, ýakyn geljek üçin ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda kärdeşler pandemiýa döwründe okyjylaryň ileri tutýan isleg-talaplary, çäklendirilen iş-hereketleri, 2020-nji ýylyň tejribesinden ugur alnanda kitaphana işgärleriniň hünär derejelerini artdyrmak boýunça maksatnamalara täzeden düýpli garamaklygyň zerurlygy, pandemiýanyň kitaphanalaryň işine we onuň işiniň göwrümine düýpli täsirini ýetirendigi dogrusynda gürrüň etdiler we mundan beýläk şu ugurda edijek işler dogrusynda sorag-jogap alyşdylar.