“MAGTYMGULY” ATLY AJAÝYP KITABYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY.

  • “Magtymguly” atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy.

    “Magtymguly” atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy.

    Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 67720 harby bölüminde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp täze çapdan çykan “Magtymguly” atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýan türkmen halkymyza, okyjylar köpçüligine, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen häzirki ajaýyp döwrümizde beýik şahyryň täze kitaby halkymyza gowuşdy. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde “Magtymguly” atly ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary yzygiderli geçirilýär. Bu kitapda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilipdir ýagny, şahyryň 271 şygry,  sözlük we sözsoňy ýerleşdirilen. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyz

    hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini bellemek zerurdyr. Çünki şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun alandyr. Dabarada çykyş edenler agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!