“MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS”

  • “Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras”

    “Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde “Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras” atly göçme kitap sergisi gurnaldy.

    Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň gerimi barha giňeýär. Dana şahyrymyzyň edebi mirasy türkmen halkynyň milli medeni gymmatlygy, ruhy hazynasy hökmünde dünýä ýaýylýar. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýaş nesliň dünägaraýşyny kämilleşdirmekde bahasyna ýetip bolmajak terbiýeçilik ähmiýeti bardyr. Dana şahyrymyzyň poeziýasynyň ahlak sapaklary ähli döwürde-de wajyp bolup durýar. Akyldar şahyrymyzyň edebi mirasyna bagyşlanyp gurnalan göçme kitap sergisine Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň talyplary hem işjeň gatnaşdy, olarda uly gyzyklanma döretdi.

    Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.