-
19
Oktýabr
“Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras” atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli guralýan dabaralaryň gerimi barha giňeýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary indi üç asyra golaý wagt bäri halkymyzyň kalbynda ýaşaýar. Pähim – paýhasa eýlenen goşgular nesilleri watançylyk, halallyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi çeper sözüň üsti bilen ynsan kalbyny gandyrýan çeşmedir. Pyragynyň paýhasy agzybirligiň aýdymydyr, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyryşdyr, watançylygyň mekdebidir.
Şahyryň ynsan ýüregine barýan inçe duýgularyny yzarlap köňüllere ornan her bir dana jümlesi ykbalyň şuglasy bolup ýagty saçýar. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan göçme kitap sergisine Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary işjeň gatnaşdy we olarda uly gyzyklanma döretdi.
Gaýtalanmajak milli gymmatlyklarymyza, ömrüni halkyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna bagyşlan ussatlarymyzyň döredijiligine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.