«MAGTYMGULY PYRAGY — KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY» ADY BILEN SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

  • «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy — köňülleriň çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany — Magtymguly Pyragy» ýyllynda milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýulýanlygyny, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň üsti bilen sahawatlylyk, halallylyk, päklik, il-güne wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleriň öňe sürülýändigi hakynda giňişleýin durup geçdiler.

    Çykyş edenler söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.