“MAGTYMGULY PYRAGY – ŞYGRY PAÝHAS UMMANY”

  • “Magtymguly Pyragy – şygry paýhas ummany”

    “Magtymguly Pyragy – şygry paýhas ummany”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet mekeziniň Döwlet kitaphanasynda
    Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler
    arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet
    ministrliginiň garamagyndaky kitaphana hünärmenleriniň arasynda geçirilen
    “Magtymguly Pyragy – şygry paýhas ummany” atly hünär bäsleşiginiň
    jemleýji tapgyryndan soňra tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
    Söhbetdeşlikde çykyş edenler hünär bäsleşiginiň “Pähim-paýhas
    ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli,
    Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň:“Dana
    Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri adamzat
    ähli üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr” – diýýän sözlerinden, alyp
    barýan içeri we daşary syýasatyndan, oňyn ýörelgelerinden ugur alyp, ýaş
    kitaphanaçylaryň zehinini açyp görkezmek ýurdumyzyň ösüşlerini
    teleradioýaýlymlaryň, habar beriş serişdeleriniň kitaphana işiniň dürli
    ugurlarynyň üsti bilen wagyz etmek, şeýle-de kitaphana hünärmenleriniň
    kämil iş tejribelerini ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda ýaýratmak
    maksady bilen geçirilendigi hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
    Söhbetdeşligiň ahyrynda onda çykyş edenler baý milli medeniýetimiziň
    we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda
    taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
    Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň
    janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama
    rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.