“MAGTYMGULY PYRAGY – TÜRKMEN ŞYGYRÝETINIŇ ZERGÄRI”

  • “Magtymguly Pyragy – türkmen şygyrýetiniň zergäri”

    “Magtymguly Pyragy – türkmen şygyrýetiniň zergäri”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” mynasybetli Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de TDNG-nyň çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Ýurdumyzda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp dürli baýramçylyk dabaralary, döredijilik we duşuşyk agşamlary, dürli söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär. Kitap sergileri guralýar. Şeýle hem öz bilşimiz ýaly Magtymguly atamyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanan çeper we ylmy edebiýatlar, monografiýalar şeýle hem ýazyjy şahyrlarymyzyň akyldar şahyrymyz hakynda ýazan ajaýyp eserleri yzygiderli çap edilip, okyjylarymyza ýetirilýär.

    Söhbetdeşlige gatnaşanlar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.