-
25
Aprel
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap “Magtymguly – halkyň beýik şahyry” ady bilen onlaýn maslahaty geçirildi.
Onlaýn maslahatynda çykyş edenler “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy
şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllygyny bellemek hakynda”
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şeýle hem Gahryman
Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp
goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly
Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyz üçin buýsançly waka öwrüldi.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň bize miras goýan şygyrlary köňülleriň
köşgi, kalplaryň buýsanjy, dilimiziň egsilmez çeşmesidir. Magtymguly Atamyzyň
şygyrlary geçmişiň ýaňy, geljegiň nury, halkyň dili, agzybirlik senasy bolup
ýaňlanýar. Şahyryň şygyrýeti diliniň sadalygy, çeperligi, milli öwüşgünlere
baýlygy bilen utgaşýar diýip giňden belläp geçdiler. Sözleriniň soňunda çykyş
edenler Türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda
giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýtdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly
işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.