-
23
Awgust
“Magtymguly umumadamzat şahyry” atly maslahat
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň we
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde
guramagynda “Magtymguly umumadamzat şahyry” atly maslahat geçirildi. Geçirilen
maslahata Döwlet kitaphanasynyň işgärleri, teatr artistlary, ýokary okuw mekdepleriniň
mugallymlary, ylmy işgärler gatnaşmak bilen olar öz çykyşlarynda: “Adamzat taryhynda
öçmejek yz galdyran türkmeniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň uzak asyrlaryň
dowamynda özüniň köptaraply akyla ýugrulan ajaýyp eserleri türkmeniň adyny
şöhratlandyrdy” diýip, giňişleýin söhbet etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimiz, nusgawy
edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. Şeýle ajaýyp döwürde Magtymguly Pyragynyň eserlerini
öwrenmäge we ýaşlara ýetirmäge uly üns berilýär. Bu günki gün akyldar şahyryň baý
döredijiligi bilim, medeniýet we döredijilik işgärleri, ählimiz üçin gymmatly hazyna
öwrüldi. Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatymyz, baý edebi mirasymyz düýpli we
ählitaraplaýyn öwrenilýär diýip, uly buýsanç bilen gürrüň etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynyň ahyrynda ata Watanymyzyň, merdana
halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, alyp barýan beýik
işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.