“MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIK DÜNÝÄSI ”

  • “Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi ”

    “Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi ”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň
    Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda “Magtymgulynyň
    döredijilik dünýäsi” atly kitap sergisi gurnaldy.
    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim–paýhas
    ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan ýylymyzda Gahryman
    Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary
    netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini,
    däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Döwlet
    kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan - Magtymguly Pyragynyň
    doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap “Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi” atly
    kitap sergisi gurnaldy. Bu sergide esasanam Magtymguly Pyragynyň ömri we
    döredijiligine degişli bolan kitaplar öz beýany tapdy. Munda başgada ösüp
    gelýän ýaş nesillerde kitaba bolan höwesini döretmekde, ruhy dünýäsini
    baýlaşdyrmakda serginiň ähmiýeti örän ulydyr. Ýurdumyzda edebi mirasy
    öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden
    gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we
    ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip
    beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly
    Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,
    ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara
    beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.