-
05
Iýul
“Magtymguly,sözle herne bileniň”atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler şygryýet äleminiň ussady bolan Magtymguly
Pyragynyň döredijiligi ynsan kalbyna ganat baglap, al-asmana göterýär.Gahryman
Arkadagymyz akyldary pähim-paýhas ummanyna deňeýär. Çünki Magtymguly atamyz
tutuş adamzada bahasyna ýetip bolmajak pähimleri,öwüt-ündewleri,nesihatlary miras
goýdy. Magtymguly Pyragynyň beýikligi türkmen halkynyň beýikliginiň görkezijisidir.
Magtymguly Pyragy halkyň ykbalyny öz ykbaly saýypdyr.Şonuň üçin-de akyldar
şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi
mirasyny öwrenmek, ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmek boýunça häzirki wagtda örän
işler amala aşyrylýandygy barada söz açyp giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň
ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup,olary
dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.