“MEDENI-MIRAS ” ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK

  • “Medeni-miras ” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

    “Medeni-miras ” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Sungat
    bölümi tarapyndan “Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli tegelek stoluň
    başynda söhbetdeşlik geçirildi.
    Söhbetdeşlige Döwlet kitaphanasynyň ýaş hem-de halypa işgärleri şeýle-de
    Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.
    Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
    Arkadagymyzyň: “Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly
    Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň
    şygyrlaryndan elýetmez ylham, ruhy güýç alýar” diýen çuňňur manyly
    jümlesinden ruhlanylyp geçirildi.
    Söhbetdeşlige gatnaşanlar Türkmenistanda Bilim syýasatynyň amala
    aşyrylyşy, mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlaryň bilim almaklary üçin
    diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,
    Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň edýän taýsyz tagallalary, şeýle-de üstümizdäki
    ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilip geçilýän Magtymguly Pyragynyň
    watançylyk agzybirlik, dostluk, gahrymançylyk hakyndaky goşgularynyň edebi-
    çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup, türkmen halkynyň kalbynda mydamalyk
    orun alandygy we ýaş nesillermizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly
    çeşmedigi barada gürrüň etdiler.
    Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň Berkarar
    döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy Berkarar döwletiň täze
    eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da
    belende göterýän türkmeniň halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,
    Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag bolmagyny, edýän sahawatly
    işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.