“MEDENI MIRASYMYZ” HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK

  • “Medeni mirasymyz” hakynda söhbetdeşlik

    “Medeni mirasymyz” hakynda söhbetdeşlik

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Medeni mirasymyz” hakynda söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz  gadymy mirasymyzy gorap saklamak we ony geljeki nesillere ýetirmekde uly aladalar edýär. Milli mirasy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak, rejelemek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda şeýle diýýär: “Türkmen halky örän gadymy taryhyň we baý medeni mirasyň eýesidir. Biz bu mirasa guwanýarys we oňa aýawly garamaga hem-de geljekki nesiller üçin gorap saklamaga uly üns berýäris” diýip belläp geçýär.

    Taryhy  ýadygärliklermizi, milli mirasymyzyň birnäçelerini  ÝUNESKO-nyň Adamzadyň  maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlenilýänleriniň sanyny artdyrmak ugrunda uly tagallalary edýär we bu babatda üstünlikler gazanylýar.

              Milli mirasymyzy öwrenmäge giň ýol açyp beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.