-
19
Iýun
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Halkyň kalby bolup äleme ýaýran, Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty» ady bilen edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni” mynasybetli “Halkyň kalby bolup äleme ýaýran, Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty” atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Dabara Türkmen Döwlet medeniýet institunyň uly mugallymy Türkmenistanyň halk artisti Näzik Gurbanowa, “Watan” gazetiniň bölüm redaktory Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Çemen Annaberdiýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň usulýet bölüminiň müdiri Läle Annamyradowa dagylar gatnaşdylar.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen “Tükmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan işler barada gürrüň etdiler. Myhmanlar meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragy manyly şygyrlary bilen türkmen edebiýatynyň, şygryýetiniň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan şahsyýetdigi hem-de ussat şahyryň kämil şygyrlary türkmen halkynyň diliniň senasydygy barada hem belläp geçdiler. Şeýle-de Medeniýet hepdeliginiň türkmen toýuna mahsus guralyp, çeper döredijiligiň, sungatyň dürli görnüşleri boýunça medeni çärelere beslenmegi, ýatdan çykmajak täsirli pursatlary bagyşlaýandygy bellenildi.
Dabaranyň çäklerinde “Medeniýet-milli baýlyklaryň altyn täji”” atly kitap sergisi guraldy. Sergide hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary hem-de türkmen medeniýetine we sungatyna degşli kitaplar sergilendi.