-
16
Iýun
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet – ynsan köňlüniň nury» ady bilen dabara geçirildi
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet – ynsan köňlüniň nury» ady bilen dabara geçirildi
Dabara gatnaşan myhmanlar: Türkmen Döwlet medeniýet institunyň teatr sungaty fakultetiniň Kino we teleradio sungatlary kafedrasynyň mugallymy Handurdy Gurbanow, «Türkmen Dünýäsi» gazetiniň uly habarçysy Meýlis Garajaýew, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy Şemşat Durdyýewa, Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölüminiň bölümçe müdiri Jeren Sadykowa dagylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» her gününiň şanly wakalara, beýik işlere beslenmegi halkymyzyň ruhuny belende göterip, nurana geljegimize bolan buýsanjyny goşalandyrandygy, il-ýurduň bähbidine gönükdirlen beýik işleriň diňe parahatçylygyň, abadançylygyň, agzybirligiň höküm sürýän ýurdunda hasyl bolýandygy hem-de şeýle şanly wakalar, ajaýyp pursatlar täze taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýandygy barada durup geçdiler.
Ösüşli her bir güni belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyzda toý-baýramlaryň goşadan toýlanmagy Diýarmyzy has-da şöhlenendirip, özboluşly röwüş çaýyp, goşa baýram türkmeniň belent döredijilik ruhunyň, egsilmez paýhasynyň, beýik döwrümiziň baýramy — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni halkymyzyň göwün senasyna öwrülip, ýüreklerde uly orun alandygy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat işgärleri üçin Magtymgulynyň döredijiliginiň ylham çeşmesi bolup durýandygy, şygryýetiň ussady Magtymguly Pyragynyň döredijilik äleminiň öz mähriban halkyna, ene topragyna, gözel tebigatyna söýgüsiniň beýanydygy, 2024-nji ýylda akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllygynyň belleniljekdigini, şeýle-de Köpetdagyň belent gaýalarynda şahyryň heýkeliniň gurulmagy we Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip atlandyrylmagy ussada goýulýan ägirt uly hormatyň nyşanydygy barada gürrüň etdiler.
Dabaranyň ahyrynda myhmanlar türkmen halkyna şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.