MEDENIÝET WE SUNGAT ULGAMYNDA ALNYP BARYLÝAN IŞLERE BAGYŞLANYP DABARA GEÇIRILDI

  • Medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan işlere bagyşlanyp dabara geçirildi

    Medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan işlere bagyşlanyp dabara geçirildi

    Dabarada hormatly Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Arkadagly medeniýetim, sungatym, Berkarar döwletinde artýar gymmatyň!” ady bilen geçirilen edebi-duşuşyk dabarasy barada aýdyldy.
    Dabaranyň hormatly myhmany Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhemedowyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetiniň, sungatynyň kämil döwrebap ösüşleriniň has-da rowaçlanmagyna, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň äleme ýaýylmagyna giň ýol açylmagyny dowam edýändigi barada belläp geçdi. Soňra ýakyn günlerde uly dabara bilen bellenip geçiljek “Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güne” görülýän taýýarlyklar barada gürrüň berdi.
    Soňra Orazguly Annaýew öz döreden ajaýyp goşgularyny okap berdi. Sözüniň soňunda Orazguly Annaýew Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza öz minnetdarlygyny bildirip, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdi.
    Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendirş sungat muzeýiniň ylmy-barlag bölüminiň ylmy işgäri Maral Kulyýewa hem öz çykyşynda türkmen medeniýetiniň gadymdan gelýän sungatdygy barada aýdyp, onuň taryhy barada giňişleýin gürrüň berdi. Soňra ol zähmet çekýän Şekillendiriş sungat muzeýinde saklanýan maddy gymmatlyklarymyz barada durup geçdi.
    Soňra dabara gatnaşan Döwlet kitaphanasynyň halypa kitaphanaçylary Türkmenistanyň at azanan medeniýet işgäri Tuwakgül Gylyjowa hem-de “Gaýrat” medalynyň eýesi, Şäher häkimliginiň Ýaşulular geňeşiniň agzasy Bibigözel Mämmedowa dagylar kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler.
    Dabaranyň ahyrynda Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Altyn Nepesowna Kakaýewa çärä gatnaşan myhmanlara öz minnetdarlygyny bildirip, hormatly Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri üçin köp sag bolsun aýdyp.