“MERTLIGIŇ NUSGASYNY AÝAN EDEN - AKYLDAR”

  • “Mertligiň nusgasyny aýan eden - Akyldar”

    “Mertligiň nusgasyny aýan eden - Akyldar”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan “Mertligiň nusgasyny aýan eden - Akyldar” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi milletimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ruhy gymmatlyklarynyň ileri tutulýandygyny şöhlelendirýär.

    “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda dürli medeni çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigini alamatlandyrýar. Şahyryň pähim-payhasa ýugrulan şygyrlary ynsanyýetiň kalbynda baky orun aldy. Magtymgulynyň şygryýeti geçmişiň ýaňy, geljegiň nury, halkyň dili, agzybirlik senasy bolup ýaňlanýar.

    Söhbetdeşlige gatnaşanlar onuň ahyrynda türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.