«MILLI MIRASYMYZ — HALKYŇ HAZYNASY» ADY BILEN EDEBI DUŞUŞYK GEÇIRILDI

  • «Milli mirasymyz — halkyň hazynasy» ady bilen edebi duşuşyk geçirildi

    «Milli mirasymyz — halkyň hazynasy» ady bilen edebi duşuşyk geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň «Milli mirasymyz halkyň hazynasy» atly edebi duşuşygy geçirildi. Duşusygyň dowamynda Ganryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň asyrlar aşyp gelen gadymy gymmatlyklaryny, söhratly taryhyny, milli medeni mirasyny öwrenmeklige, dünýä ýaýmaklyga uly üns berilýändigi barada gürrüň edildi. Dabara gatnaşan myhmanlar: Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we milli golýazmalar institutyny Ylmy-teswir bölüminiň esasy ylmy işgäri Gurbangül Guzuçyýewa; Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy kafedrasynyň uly mugallymy,Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Akmyrat Çaryýew; Türkmenistanyň Alp-Arslan adyndaky milli drama teatryndan Türkmenistanyň at gazanan artisti Isgenderowa Hurma we şol teatryň wäşi artistleri; Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň Baş redaktorynyň orunbasary Şirli Mollaýew; Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty müzeýiniň ylmy barlag bölüminiň müdiri Söýün Sähetgylyjow.