«MILLI MIRASYMYZY GORALYŇ» ADY BILEN SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

  • «Milli mirasymyzy goralyň» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    «Milli mirasymyzy goralyň» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda «Milli mirasymyzy goralyň» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň milli mirasy bolan nepis halylarymyz, gamyşgulak bedewlerimiz, milli saz guralymyz bolan dutarymyz, milli medeniýetimiz we sungatymyz hakynda nygtap geçdiler.

    Şeýle hem olar ýurdumyzda giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap, söhbet etdiler. Olar öz çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň keramatly şahyr bolup, türkmeniň ýüreginde, gudratly akyldar bolup, serinde, göçgünli tüweleý bolup, ruhunda ýaşap, türkmen halkynyň bakylygynyň aýdymyna öwrülip, dillerden dillere, ýyllardan ýyllara, asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere, halklardan halklara geçip, ebedi ýaşajakdygyny aýdyp geçdiler.

    Söhbetdeşligiň dowamynda «Arşa galdyň, şahyr, Arkadag bilen!» atly giňişleýin kitap sergisi hem guraldy.