«NOWRUZ — BAHARYŇ SOLTANY» ADY BILEN MILLI BAHAR BAÝRAMYNA BAGYŞLANYP BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

  • «Nowruz — baharyň soltany» ady bilen Milli bahar baýramyna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi

    «Nowruz — baharyň soltany» ady bilen Milli bahar baýramyna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda“Nowruz baharyň soltany” ady bilen Milli bahar baýramyna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşan myhmanlar: Abdylhalyk Jumadow - Türkmenistanyň Prezidentiniň ”Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, ”Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, “Medeniýet” žurnalynyň bölüm redaktory; Ýazgeldi Saryýew - Nyýazow ad. Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy; Akjemal Saparowa- halypa kärdeşimiz,”Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri”; Ogultagan Orazgulyýewa- halypa kärdeşimiz, ”Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy” ýubileý medalynyň eýesi. Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri hem gadymy Nowruz baýramydyr.Bu günki –gün Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy- medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde giňden bellenilýär diýip bellediler. Söhbediniň soňunda täze döreden goşgularyndan okap berdiler, seýle de hormatly Prezidentimize jan-saglyk, işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.