OBA HOJALYK EDEBIÝATLARY BÖLÜMINDE “ŞAN-ŞÖHRATY ARŞA GALAN BEDEWLER” ATLY KITAP SERGISI GURNALDY.

  • Oba hojalyk edebiýatlary bölüminde “Şan-şöhraty arşa galan bedewler” atly kitap sergisi gurnaldy.

    Oba hojalyk edebiýatlary bölüminde “Şan-şöhraty arşa galan bedewler” atly kitap sergisi gurnaldy.

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba
    hojalyk edebiýatlary bölüminde “Şan-şöhraty arşa galan bedewler” atly kitap
    sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
    Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewler
    barada edilýän tagallalarynyň uludygyny açyp görkezýär. Kitap sergimizi görmäge
    gelen her bir okyjy, bu ýerde özlerine gerekli maglumatlary tapýarlar, hem-de
    gerekli bolan kitaplaryny alyp görmäge hem giň mümkinçilikler döredilýär. Sap
    ganly ahalteke bedewlerimizi saklamaklyk üçin hemme mümkinçilikleri giňden
    döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp
    sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Ýetip gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramy
    bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tutuş
    türkmen halkyny gyzgyn gutlaýarys. Goý, olaryň janlary sag bolsun, il-ýurt
    bähbitli alyp barýan işleri diňe rowaçlyklara beslensin!