-
31
Iýul
“Özgeleriň durmuşyny kalba siňdirenler” atly wagtlaýyn kitap sergisi gurnaldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň
Sungat bölüminde “Özgeleriň durmuşyny kalba siňdirenler” atly wagtlaýyn kitap
sergisi gurnaldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim–paýhas
ummany Magtymguly Pyragy” diýlip atlandyrylýan ýylymyzda hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny,
medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini
öwrenmeklige giň ýol açyldy.
Medeniýetimiziň möhüm gymmatlyklatynyň bir bölegi bölan, döwrüň
aýnasy hasaplanýan teatr sungaty hem özboluşly, öwüşgünli sungat bolup,
tomaşaçynyň göwün köşgüni galkyndyrýan döwrebap eserler, onuň juda giň
älemine siňen zehinli artistleriň üsti bilen has-da kämilleşýär. Sahna oýunlarynyň
her birinde gündelik durmuşda duş gelýän wakalar öz beýanyny tapyp, ýaş nesli
dogruçyllyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemeklige hem aýratyn üns berilýär.
Bu sergide hem Sungat bölüminiň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat
ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen gurlaldy.
Sungatda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan
türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly
Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň
uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs
ýürekden arzuw edýäris.