“PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY”

  • “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”

    “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn Asyr:Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Söhbetdeşlige gatnaşanlar: “Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen halkynyň durmuşynyň aýnasydyr. Ol şygryýet dünýäsini halkyň hyzmatynda goýmagy başaran beýik şahsyýetdir” diýip belläp geçdiler. Şahyryň eserlerinde türkmen durmuşynyň dürli taraplaryny öz içine alýan derwaýys meseleler gozgalýar. Şahyr dürdäne goşgulary arkaly halkyň gaýgysyny, begenjini, agyr ýüküni deň paýlaşýar. Bu hem ony ynsanlar bilen ýakynlaşdyrýar, halkyň päk söýgüsine, belent sarpasyna eýe edýär.

      Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.