“PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY”

  • “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”

    “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn
    Asyr:Türkmenistan” teleýaýlymy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”
    ýylyna bagyşlap söhbetdeşlik etdiler. Bu söhbetdeşlige gatnaşyjylar akyldar
    şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň diňe bir türkmen
    halkynyň akyldar şahyry bolmak bilen çäklenman, eýsem umumadamzat
    şahyrydygyny, Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, watansöýüjilik, ar-namys, yşk-
    söýgi, gaýratlylyk ýaly nakyla öwürlip giden gymmatly setirleri, ajaýyp goşgulary
    hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
    Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
    Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw
    etdiler.