”PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY” ADY BILEN TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI.

  • ”Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”  ady bilen tegelek stoluň başynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

    ”Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ady bilen tegelek stoluň başynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

    Döredijilik duşuşykda  çykyş eden döredijilik işgärleri türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzda alnyp barylýan  ägirt uly işler,şahyryň ömri we döredijiligi hakynda edebiýatçy alymlaryň, döredijilik işgärleriniň ýazan ylmy we çeper edebiýatlary, ýazan ylmy we çeper eserleri,şahyr hakda ýazylan goşgular hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ojaklarynda, kitaphanalarda  umumyadamzat şahyry Magtymguly Pyragy hakynda dürli döredijilik duşuşyklary,edebiýat agşamlary yzygiderli geçirilýär,dürli kitap sergileri guralýar. Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar bular hakynda hem  durup geçmek bilen öz söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.