“PARAHATÇYLYK DILLERI” ATLY ÝUNESKO KLUBYNYŇ IŞJEŇ AGZALARY WE TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ KITAPHANAÇYLARY BILEN “MAGTYMGULY PYRAGY YNSANÝETIŇ ŞAHYRY” ATLY KITAP SERGISI WE TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRI

  • “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary bilen “Magtymguly Pyragy ynsanýetiň şahyry” atly kitap sergisi  we tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçiri

    “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary bilen “Magtymguly Pyragy ynsanýetiň şahyry” atly kitap sergisi we tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçiri

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Daşary ýurt
    dillerindäki edebiýatlar bölümi” Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
    “Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda: “Magtymguly Pyragy
    türkmenleriň şahyry, dünýä halklarynyň şahyry, tutuş ynsanýetiň şahyry.” diýip, bellän parasatly
    jümlesinden ugur alyp, 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiriljek
    Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Döwletmämmet Azady
    adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň dilçi talyplaryna türkmen halkynyň beýik
    danasynyň şygyrýetiniň dünýä dillerindäki terjimelerini, neşirleri tanyşdyrmak maksady bilen
    ýurdumyzda ilkinji açylan “Parahatçylyk dilleri” atly ÝUNESKO klubynyň işjeň agzalary we
    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary bilen
    “Magtymguly Pyragy ynsanýetiň şahyry” atly kitap sergisini we tegelek stoluň başyndaky
    söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
    milli dünýä dilleri institutynyň dilçi talyplary iňlis, koreý, hytaý, pars, italýan, fransuz, nemes,
    ispan, rus, ýapon, arap, hindi dillerinde çyşyş etdiler. “Magtymguly Pyragy ynsanýetiň şahyry”
    atly göçme sergide Magtymguly Pyragynyň dürli dillerde we dürli ýyllarda neşir edilen kitaplary
    goýuldy. Bu gün Magtymgulynyň pähim-paýhasa eýelenen eserleri türki dilli we dünýä
    ýurtlarynda jebisligiň, dost-doganlygyň aýdymy bolup belentden belent ýaňlanýar.