«ROWAÇ DÖWRÜŇ BELENT RUHY, ARKADAGYŇ KITAPLARY» ADY BILEN BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

  • «Rowaç döwrüň belent ruhy, Arkadagyň kitaplary» ady bilen bäsleşik geçirildi

    «Rowaç döwrüň belent ruhy, Arkadagyň kitaplary» ady bilen bäsleşik geçirildi

    Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi geňeşiniň ,Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanalarynyň hünärmenleriniň arasynda „Türkmenistan- rowaçlygyň Watany“ ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli „Rowaç döwrüň belent ruhy, Arkadagyň kitaplary „ ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde esasan merkezi kitaphananyň hem-de olaryň şahamçalarynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň ýazan “Enä tagzym- mukaddeslige tagzym“ we birnäçe ajaýyp eserleri hakynda, olarda ýerleşdirilen rowaýatlar esasynda bäsleşdiler, gysgajyk sahnalary ýerine ýetirdiler. Bu bäsleşikde üstünlikli çykyş eden kitaphana işgärlerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi Geňeşi , Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.