-
10
Iýun
«Sagdyn çagalar biziň röwşen geljegimizdir» ady bilen maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzda Çaganyň we Enäniň saglygyna bagyşlanan «Sagdyn çagalar biziň röwşen geljegimizdir» ady bilen maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinden, Türkmenistanyň Zenanlar Birleşiginiň Merkezi Geňeşinden, Enäniň we Çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinden, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinden, Döwlet kitaphanasyndan wekiller gatnaşyp, olar biziň ýurdumyzda eneligi we çagalygy hukuk taýdan goramak, ýaş maşgalalara goldaw bermek, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek , bu babatda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen alnyp barylýan işleriň çäklerinde netijeli hyzmataşlyk, sagdyn bedenli nesilleri ösdürip ýetişdirmekde ene süýdüniň ähmiýeti, çagalary ýaş aýratynlyklary boýunça terbiýelemek, şeýle-de, halk döredijilik eserleriiň üsti bilen terbiýelemek barada giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatyň ahyrynda Türkmenistan döwletimizde bagtyýar çagajyklarymyzyň eşretli durmuşynyň dowamatyny dowamata öwürýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuwlap, “Sagdyn çagalar biziň röwşen geljegimizdir” atly maslahata gatnaşyjylar öz minnetdarlyklaryny beýan etdiler.