«SAGLYK — BAGTYÝAR DURMUŞYŇ GÖZBAŞYDYR» ADY BILEN WAGYZ-NESIHAT ÝYGNAGY GEÇIRILDI

  • «Saglyk — bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr» ady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi

    «Saglyk — bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr» ady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi

    Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň Içeri işler ministligi we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Saglyk — bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr» ady bilen wagyz-nesihat ýygnagyny geçirdi.

    Giňden gurnalan söhbetleriň dowamynda gelin-gyzlaryň arasynda türkmeniň däp-dessurlaryny berjaý etmek barada, maşgala agzybirligi, çaga terbiýesi dogrusynda, dürli keselleriň öňüni almak dogrusynda, ýerasty we ýerüsti geçelgelerinde ýol düzgünlerini berjaý etmek dogrusynda giňişleýin gürrüň boldy. Hünärmenler diňleýjileriň soraglaryna durmuş deňeşdirmeleri bilen jogap berdiler. Wagyz-nesihat ýygnagynyň çäklerinde “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň diýary” ady bilen giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Ýygnagyň soňunda wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar durmuşymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmekde döwlet derejesinde alyp barýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.