«ŞAHYR SESIN GOŞÝAR BAGTYŇ HEŇINE, HALKYŇ ARKADAGLY ZAMANASYNDA» ADY BILEN EDEBI-DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

  • «Şahyr sesin goşýar bagtyň heňine, Halkyň Arkadagly zamanasynda» ady bilen edebi-döredijilik duşuşygy geçirildi

    «Şahyr sesin goşýar bagtyň heňine, Halkyň Arkadagly zamanasynda» ady bilen edebi-döredijilik duşuşygy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Diýarymyzyň ähli ýerlerinde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Şahyr sesin goşýar bagtyň heňine, Halkyň Arkadagly zamanasynda” atly edebi-döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygyna “Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti”, “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi-Döwrangeldi Agalyýewgatnaşyp ,halypa we ýaş kitaphanaçylar bilen şygryýet äleminden sowal-jogap alyşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet we sungat ulgamynda ýetilen üstünlikler dogrusynda täsirli söhbet etdiler.