«SARPASYNDAN ARKADAGLY SERDARYŇ, DÜNÝÄ DOLÝAR ŞANY MAGTYMGULYNYŇ!» ATLY MASLAHAT WE SERGI BINASYNA AÝLANMAK ÇÄRESI GEÇIRILDI

  • «Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, Dünýä dolýar şany Magtymgulynyň!» atly maslahat we Sergi binasyna aýlanmak çäresi geçirildi

    «Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, Dünýä dolýar şany Magtymgulynyň!» atly maslahat we Sergi binasyna aýlanmak çäresi geçirildi

    Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine, edebiýatyna bagyşlanan kitaplaryň, döwlet muzeýleriniň gaznasyndan milli gymmatlyklaryň sergisini hem-de «Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, Dünýä dolýar şany Magtymgulynyň!» atly maslahat we Sergi binasyna aýlanmak çäresi geçirildi.      

        Dabaraly  maslahatda çykyş edenler Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş mekdebi bolan ajaýyp eserleri, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzda alnyp barylýan işler,medeniýet we sungat ojaklarynda geçirilýän dürli medeni çäreler,döredijilik duşuşyklary şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini ylmy esasda öwrenmekde türkmen alymlarynyň alyp barýan işleri,ýazylan täze edebiýatlar hakynda  giňişleýin söhbet etdiler.Şeýle-de ýazyjy- şahyrlar nusgawy şahyrymyz hakynda özleriniň döreden ajaýyp goşgularyny okadylar. Öz bilişimiz ýaly, Magtymguly atamyzyň arzuw eden ajaýyp döwri Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda hasyl boldy. Döwletimiz Berkarar, döwrümiz bagtyýar. Bu gün  ady dünýä dolan eziz Watanymyz gün-günden ösýär we öňe gidýär. Her bir setiri nakyla öwrülen umumyadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleri ýaş nesillerimizi Watansöýüji, arassa ahlakly,zähmetsöýer edip  terbiýelemekde ajaýyp durmuş mekdebidir.

         Maslahatda çykyş edenler bular hakda nygtamak bilen bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.