SERGI

  • SERGI

    SERGI

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
    kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi tarapyndan Gahryman
    Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher
    paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri hem-de “Awtomobil ýollarynyň
    gurluşygy”, “Ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmek” atly temalar
    bilen sergi gurnaldy. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri
    Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
    ajaýyp kitaplaryny özlerine nusgalyk saýýan türkmen nesilleri hemişe öz
    Watanynyň ýaşyl Baýdagyny belentde parlatmak üçin okaýarlar,
    öwrenýärler, döredýärler we zähmet çekýärler. Sergä gatnaşanlar
    bagtyýar zamanamyzy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri
    Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz
    sagbolsunlaryny aýtdylar.