SERGI

  • Sergi

    Sergi

    Söze, şygra, edebiýata ýugrulan ýylymyzyň her aýy, her güni akyldarymyz,
    pähimdarymyz Magtymguly Pyragy bilen baglanşykly gelýär. Şu bagtyýar eziz
    Watanymyzda yzygiderlikde sergiler, edebiýat agşamlary, ýazyjy-şahyrlarymyz
    bilen duşuşyklar geçirilýär. Ine bu gün hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet
    merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent- tehniki edebiýatlar bölümi Ýagşygeldi
    Kakaýew adyndaky Nebit we Gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlary bilen kitaphanada
    gezelençler gurnaldy. Gezelenjiň ahyrynda uniwersitetiň bagtyýar talyp ýaşlary
    Gahryman Arkadgymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň, akyldar şahyrymyz
    Magtyguly Pyragynyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan gymmatly setirleri
    okap özlerine gerekli maglumatlary alyp, şol pursatda birek-birek bilen sorag-
    jogap alyşdylar hem-de şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň
    milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza
    hoşallyk sözlerini aytdylar.