SÖHBETDEŞLIK

  • SÖHBETDEŞLIK

    SÖHBETDEŞLIK

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň
    Patent- tehniki edebiýatlar bölüminiň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Nebit
    we Gaz uniwersitetiniň talyplary bilen bilelikde “Dünýä şygryýetiniň öçmez
    ýyldyzy – Magtymguly Pyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde
    çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy-türkmen halkynyň
    ruhy sütüni, genji-hazynasy bolup akyldaryň goşgulary nesilden-nesle geçip,
    halkymyzyň hakydasynda, ýüreginde baky ýaşaýandygyny özleriniň çykyşlarynda
    aýratyn bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň ruhy halypasy,
    adamzat nesliniň öçmejek şamçyragy Magtymguly Pyragyny çuňňur hormatlaýan
    hem-de sarpalaýan Gahryman Arkadgymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary
    sag, ömürleri uzak bolsun!