“SÖZÜM NESIHATDYR, BIR GULAK SALYŇ”

  • “Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň”

    “Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň”

    Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan “Sözüm nesihatdyr, bir gulak salyň” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

    Geçirilen söhbetdeşlige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Döwlet kitaphanasynyň işgärleri gatnaşyp, olar öz çykyşlarynda türkmen şygyrýetiniň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuna görülýän taýýarlyk, bu ugurda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ojaklarynda geçirilýän dabaralar, guralýan sergiler, ýazyjy-şahyrlaryň, edebiýatçy alymlaryň bu ugurda ýazan eserleri, ylmy işleri şeýle hem nusgawy  şahyrymyzyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp täze çap edilen kitaplar hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Olar  çykyşlarynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç  bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.