-
27
Maý
«Syrlardan dokalan gözellik» ady bilen türkmen halysynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy we kitap sergisi gurnaldy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda „Syrlardan dokalan gözellik” ady bilen türkmen halysynyň baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy we kitap sergisi gurnaldy. Dabara kitaphana işgärleri şeýle hem okyjylar gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler türkmen zenanlarynyň yhlasyndan dörän halylarymyzyň gözelligini, dünýä meşhurdygyny, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen milli halyçylyk sungaty Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilendigini söhbet etdiler. Dabaranyň soňunda oňa gatnaşyjylar biziň üçin edýän atalyk aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklar arzuw etdiler.