“TÄZE GELEN METBUGAT NEŞIRLERINE SYN”

  • “Täze gelen metbugat neşirlerine syn”

    “Täze gelen metbugat neşirlerine syn”

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet
    kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan “Täze gelen
    metbugat neşirlerine” kitaphana syny geçirildi.
    Bölüme täze gelen A.Baltaýewiň “Arkadag hem Pyragy -
    köňüller şamçyragy” şeýle hem A.Eýeberenowyň “Syrly setirleriň
    çözgütleri” atly kitabyna giňişleýin syn berildi. Bu kitaplarda
    Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň
    eserleriniň çeperçilik baýlygynyň, pelsepe-taglymat gymmatlygynyň
    nesilleri atalarymyzyň ruhlaryna ygrarly edip terbiýelemekdäki
    ähmiýeti barada söhbet edilýär.
    Kitaphana synynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda dünýä
    edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa
    goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,
    Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
    janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli
    işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.