-
10
Oktýabr
Täze gelen neşirlere syn
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda täze gelip gowşan neşirlere kitaphana syny geçirildi. Döwlet kitaphanamyzyň gaznasyny has hem baýlaşdyran täze neşirleriň biri hem “Ertekiler dünýäside. Türkmen halk ertekileri” atly ertekiler ýygyndysynyň birnäçe dillerde ýagny, nemes, fransuz, hytaý, italýan, türk, arap dillerindäki neşirleridir.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen bu ertekiler ýygyndysynda türkmen halk ertekileri bolan “Akpamyk”, “Ejekejan”, “Ýartygulak”, “Ýüz teňňe”, “Tilkiniň mekirligi” atly ertekiler ýerleşdirilen. Bu halk ertekileriniň dürli dillerde çap edilip Döwlet kitaphanamyza gelip gowuşmagy birnäçe okyjylarmyzda, ýaşlarmyzda uly gyzyklanma döretdi.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar onuň ahyrynda okamaga, öwrenmäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.