TÄZE GELEN NEŞIRLERE SYN

  • Täze gelen neşirlere syn

    Täze gelen neşirlere syn

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan kitaphana syny geçirildi.

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan ajaýyp ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň medeniýetini, taryhy medeni ýädigärliklerini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň ruhy mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek we bütin dünýäde giňden wagyz etmek bilen birlikde, dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek hem täze taryhy şertlerde ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol mynasybetli Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölüme “Täze gelen neşirler” atly kitaphana syny geçirildi. Synymyzda esasan hem kitaby öz gollary bilen sowgat berlen neşirler we Galkynyş kitap merkezinden gelip gowşan kitaplara syn geçirildi. Täze gelip gowşan kitaplar giň okyjylar köpçüligine yzygiderli ýetirilýär.

    Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.