TEATR SUNGATYNA BAGYŞLANYP, «TEATR SUNGATY — KÖŇÜLLERIŇ AÝNASY» ADY BILEN EDEBI-DUŞUŞYK DABARASY GEÇIRILDI

  • Teatr sungatyna bagyşlanyp, «Teatr sungaty — köňülleriň aýnasy» ady bilen edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi

    Teatr sungatyna bagyşlanyp, «Teatr sungaty — köňülleriň aýnasy» ady bilen edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi

    Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen teatr sungatyna bagyşlanyp, “Teatr sungaty-köňülleriň aýnasy” atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Bu dabara ýurdumyzyň teatrlarynda zähmet çekýän halypa we ýaş artistler gatnaşdylar. Dabarada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan uly işler barada hem-de türkmen teatr sungatynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de dabarada artistler sahnada ýerine ýetirýän keşplerinden gysgajyk bölekleri bilen çykyş etdiler. Bu dabaranyň çäklerinde “Teatr-durmuşyň aýnasydyr” atly giňişleýin kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisinde hormatly Prezidentimiziň kitaplary, teatr sungatyna degişli, şeýle-de gazet-žurnalyň sahypalarynda medeniýet ulgamyna degişli makalalar ýerleşdirildi.