«TOÝUŇ GUTLY BOLSUN, BEÝIK PYRAGY!» ADY BILEN EDEBIÝAT AGŞAMY GEÇIRILDI

  • «Toýuň gutly bolsun, Beýik Pyragy!» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi

    «Toýuň gutly bolsun, Beýik Pyragy!» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi

    Şu gün Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Toýuň gutly bolsun, Beýik Pyragy! » ady bilen edebiýat agşamy geçirildi.

    Edebiýat agşamyna gatnaşyjylar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň diňe bir türkmen halkynyň akyldar şahyry bolmak bilen çäklenman, eýsem, umumadamzat şahyrydygyny, Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, watansöýüjilik, ar-namys, yşk-söýgi, gaýratlylyk ýaly nakyla öwürlip giden gymmatly setirleri, ajaýyp goşgulary hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

    Çykyşlarynyň ahyrynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.