-
24
Oktýabr
“Türkmen alabaýy – edermenligiň we merdanalygyň nusgasy”
Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň Döredijilik bölümi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilelikde “Türkmen alabaýy – edermenligiň we merdanalygyň nusgasy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnadylar. Bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň Döredijilik bölüminiň hünärmenleri, Döwlet kitaphanasynyň halypa kärdeşleri, şeýle hem S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde türkmen alabaýynyň merdanalygy barada, halkymyzyň milli mirasy bolup, dünýä jemgyýetçiliginde belli, meşhur bolan türkmen alabaýlarynyň ajaýyp häsiýetleri, artykmaçlyklary barada, gadymy zamanlardan bäri türkmen halkynyň goraýjysy bolandygy barada giňişleýin söhbet açdylar. Türkmen alabaýlaryny geljekki nesillerimize ýetirmeklik, saklamaklyk, köpeltmeklik üçin döredilen şertlere, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlar aýdyldy.