-
26
Oktýabr
«Türkmen alabaýy — wepadarlygyň nusgasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi binasynda «Türkmen alabaýy — wepadarlygyň nusgasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Şöhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitabynyň many-mazmuny hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen,türkmen alabaýynyň adamlaryň iň ýakyn dostudygyny onuň mydama wepadarlygyny nygtap geçdiler. Şeýle hem şöhbetdeşlikde bu gymmatly kitabyň iňlis, rus dillerinde çykan neşirleri bilen hem okyjylarmyzy tanyşdyrdylar.
Söhbetdeşligiň çäginde “ Türkmen alabaýy-wepadarlygyň nusgasy“ atly giňişleýin kitap sergisi hem guraldy.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmen alabaýynyň baýramy bilen Mähriban Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizitüýs ýürekden gutladylar hem-de olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.